Çary Geldimyradow
Çary Geldimyradow (9.12.1950, Aşgabat şäheri, Türkmenistan) görnükli türkmen ýazyjysy, terjimeçisi we edebiýat işgäri. "Magtymguly Pragy" adyndaky medalyň eýesi, "Türkmeniň Altyn asyry" atly bäsleşiginiň ýeňijisi.
Çary Geldimyradow (9.12.1950, Aşgabat şäheri, Türkmenistan) görnükli türkmen ýazyjysy, terjimeçisi we edebiýat işgäri. "Magtymguly Pragy" adyndaky medalyň eýesi, "Türkmeniň Altyn asyry" atly bäsleşiginiň ýeňijisi.
1965-nji ýylda Aşgabat etrabynyň «Zähmet» gazetinde korrektor bolup işe başlaýar. 1970-nji ýylda bolsa «Edebiýat we sungat» gazetinde zähmet ýoluny dowam etdirýär. Şu redaksiýada 1995-nji ýyla çenli dürli wezipelerde işleýär. 1995-nji ýyldan hormatly dynç alşa çykýança, 2013-nji ýyla çenli «Watan» gazetinde dürli wezipelerde işleýär. 2013-nji ýyldan bäri «Dünýä edebiýaty» žurnalynda terjimeçi wezipesini eýeleýär. Onuň «Rahatlyk» (1982) atly çagalar üçin hekaýalar ýygyndysy, «Çykalga» (1987), «Lälik» (1981), «Ýolbarsyň haky» (1989) atly gülküli hekaýalar ýygyndysy çap edildi. Bulardan başga-da döredijilik işgärleri bilen bolup geçen gyzykly wakalary özünde jemleýän «Gören-eşidenelrimden habar bersem» atly ýygyndyny, dünýä halklarynyň ýumorlaryny özünde jemleýän «Dünýä gülýär» atly ýygyndyny, ýurdumyzyň görnükli döredijilik işgärleri bilen baglanyşykly elliden gowrak ýatlamany özüne birikdirýän «Ýakymly ýatlamalar» atly ýygyndyny kitap görnüşinde taýýarlady.
Çary Geldimyradowyň Terjimeleri
Çary Geldimyradowyň Ýakymly Ýatlamalary
Çary Geldimyradowyň Hekaýalary